BAGTLY ÇAGALYGYŇ MESGENI

Ýaşlar – watanymyzyň synmaz kuwwaty, olar döwletimiziň ýagty geljegi, gazanylýan ösüşlere itergi beriji güýçdir. Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, türkmen ýaşlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilýän sepgitlere mynasyp goşant goşýarlar. Munuň özi kuwwatly ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň has-da dabaralanýandygyny doly tassyklaýar. Ýaşlar – nurana geljegimiziň eýeleri.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda häzirki wagtda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hereket edýär. Bu maksatnamada göz öňünde tutulan strategik maksatlar Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsi hökmünde dünýä dolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Bagtyýar çagalar her dynç alyş möwsüminde sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Çagalaryň dynç alyş möwsümlerinde has-da ýatda galyjy pursatlary döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan dürli çäreler geçirilip, olary höweslendirmek maksady bilen, ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlar yzygiderli gowşurylýar.

Türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn kämilleşmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Aýdyň maksatly tutumly işleri elmydama üstünliklere beslensin.

 

Aknur ÖRÄÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň

daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen

57-nji orta mekdebiniň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

29 Iýul 2025 | 53 okalan

SÖZ MEÝDANYNYŇ SURATKEŞI

29 Iýul 2025 | 66 okalan

BAGTLY ÇAGALYGYŇ MESGENI