Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrabyň medeniýet öýünde «Halk Maslahaty döwletimiziň hem-de halkymyzyň aýdyň gelejegi» atly şygar astynda ýaşlaryň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde çäreler guramak, döwlet derejesinde geçiriljek bu syýasy çäräniň ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň işgärleri we etrabyň bilim, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlary gatnaşdylar.
«Tegelek stoluň» başynda geçirilen söhbetdeşlikde çykyş eden ýaşlar, her ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçirilýändigi, bu ýyl hem bu döwlet derejesinde geçiriljek syýasy çärä, şu günki günlerden ýokary depginlerde taýýarlyk işleriniň görülýändigi, halkymyzyň we döwletimiziň bähbitlerini nazarlaýan birnäçe çözgütleriň kabul ediljek bu ählihalk maslahatyna dürli ulgamlarda göreldeli zähmet çekýän ýaşlaryň hem gatnaşmaklarynyň, ýaşlaryň ýüreklerinde buýsanç duýgularyny artdyrýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler.
Altyn ATAKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.