Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek üçünji halkara maslahatynyň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen «Dostluk ýollary Awaza uzaýar» atly şygar astynda söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler, bu maslahat «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly mowzukda guralyp, onuň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýandygyny, şunda köpugurly sergileriň, milli tagamlaryň festiwalynyň we dostluk konsertleriniň guralmagynyň meýilleşdirilmegi maslahatyň guramaçylyk derejesine we onuň medeni maksatnamasynyň taýýarlanmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini, halkara forumda garaljak meseleleriň, kabul ediljek çözgütleriň oňa gatnaşýan ýurtlaryň durmuş ykdysady ösüşine, halkara derejesindäki söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýokarlanmagyna, şol bir wagtyň özünde ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine oňyn täsirini ýetirjekdigini, şunda Türkmenistan döwletimiziň halkara başlangyçlarynyň möhüm ähmiýete eýedigini, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň, döwletlilik ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bütin aýdyňlygy bilen äşgär edýär diýip giňişleýin nygtap geçdiler.
Çary KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň başlygy.