Hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan täze derejelere çykarmak, ýurdumyzyň raýatlarynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksadyna gönükdirilen beýik tutumlary, umumadamzat bähbitli durmuşa geçirýän parasatly syýasaty her birimiziň buýsanjymyzy artdyrýar. Şeýle asylly maksatlar bilen ata Watanymyz ähli ugurlar boýunça gülläp ösýär, özgerýär, onuň dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmündäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Bu gün ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyp, gülläp ösýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar.
Häzirki wagtda ata Watanymyz türkmen halkynyň baý, müňýyllyklardan öz gözbaşyny alyp gaýdýan milli medeni mirasyny gorap saklamagy, dünýä wagyz etmegi, ata-babalarymyzdan şu günlere çenli saklanan taryhy gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere galdyrmagy, ýörelge mekdebi edinmegi, medeni diplomatiýanyň ösüşine ýardam bermegi maksat edinip, ÝUNESKO bilen netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy alyp barýar.
ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýar. 1993-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň doly hukukly agzasy bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gurama bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşulmagy paýtagtymyzda halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýerine ýetiren işleriň ykrar edilmeginiň nobatdaky delili bolmak bilen çäklenmän, medeniýeti we döredijiligi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm bölegi hökmünde kabul edilýän dünýäniň beýleki şäherleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn täsirini ýetirdi. ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeni ähmiýetli ençeme ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy. Bu Konwensiýanyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna «Gadymy Merw» döwlet medeni-taryhy goraghanasy, «Köneürgenç» döwlet medeni-taryhy goraghanasy, «Nusaýyň Parfiýa galalary» döwlet medeni-taryhy ýadygärligi girizildi. Mundan başga-da 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri hem onuň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna: «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» türkmen milli aýdym-tans sungaty, şeýle hem türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri girizildi.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup durýar. 2023-nji ýylda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hem buýsandyryjy ýagdaýdyr. Bu halkara ykrarnama ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işindäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň ykdysady, syýasy, umuman, ähli ulgamlardaky kuwwatynyň has-da ýokarlanmagy, ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe ynamly gadam urmagy bizi diýseň begendirýär. Dünýä nusgalyk işleri bitirip, halkymyzy bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.
Baýramgül ESENOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň
şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň müdiri.