TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: YGTYBARLY HYZMATDAŞLYK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz dünýäniň dürli döwletleri, ençeme halkara guramalary bilen özara ygtybarly, syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýar. Alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty esasynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, milli mirasy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenilýän desgalaryň sanyny artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär we bu babatda üstünlikleri gazanýar, halkara guramalar, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýýar.

Döwletimiz iri halkara gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklary barha berkidip, bu guramanyň möhüm konwensiýalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna hemişe ygrarlydygyny äşgär edýär. BMG bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarda onuň bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halkara ylmy bileleşigiň we dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli desgalara gyzyklanmalary ýyl-ýyldan artýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan durnukly, parahatçylyk söýüjilikli we okgunly ösýän döwlet hökmündäki abraýyny barha artdyrýar, ýurdumyz baý milli taryhy-medeni gymmatlyklary bilen tutuş halkara bileleşige has doly açylýar. Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bar. Olar dünýäde giňden ykrar edildi. Biziň topragymyzda dünýäde ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň bolandygyny kesgitleýän Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýadygärlikleri bar. Nusaý, Merw, Köneürgenç, Dehistan, Sarahs, Abiwerd taryhy-medeni ýadygärlikleri, Gökdepe galasy açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýlerdir. Olar döwlet taryhy-medeni goraghanalary hökmünde yglan edildi. Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bezegli deräniň gaýadaky şekilleri, Abiwerdiň binagärlik toplumlary we Amyderýanyň kenaryndaky gadymy döwre degişli desgalar dünýä bellidir.

Halkymyzyň bäş müň ýyllyk gadymy taryhy, özboluşly däpleri, Watanymyzyň taryhy eýýamda ýeten derejesi örän baý muzeý gymmatlyklarynda öz beýanyny tapýar. Taryhy ýadygärlikler we türkmen topragynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar dünýäniň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Munuň özi taryhy ýadygärlikleri öwrenmek hem-de wagyz etmek işinde giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýol açýar.

Serdar JUMAMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar