Bagşyçylyk sungaty türkmen halkynyň gadymdan gelýän iň gymmatly medeni miraslarynyň biridir. Ol diňe bir saz ýa-da aýdym hökmünde däl, eýsem, halkymyzyň taryhy, edebiýaty, ruhy dünýäsi bilen baglanyşykly gymmatly baýlykdyr. Bagşyçylyk sungaty halkyň ýürek owazy, geçmişiň sesi we geljege uzalýan söz köprüsidir.
Bagşyçylyk diňe bir aýdym-saz sungaty bolman, eýsem dessançylyk, edebiýat, taryh we halk pedagogikasynyň hem birleşýän nokady hökmünde giň many eýeleýär.
Türkmen bagşyçylyk sungatynda söz bilen saz utgaşyp, ýokary çeperlik döredilýär. Bagşyçylyk sungaty ýaşlara watansöýüjiligi, adamkärçiligi, sabyrlylygy we ynsanperwerligi öwredýän mekdep bolup hyzmat edýär. Şeýle-de, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi olaryň dünýä medeniýetine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşandygynyň ykrar edilmegidir.
Türkmen halk aýdymlarynyň türkmen dutarynda ýaňlanýan milli saz äheňleri halkymyza mahsus özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmen dutarynda mahmal owaz bolup ýaňlanýan milli halk aýdymlarymyz, ilki bilen, adamzat duýgularynyň içki dünýäsiniň çuňlugyny beýan edýär.
Bu sungat biziň geçmişimizdir, häzirki zaman gymmatlygymyzdyr we geljekki nesillere goýjak mirasymyzdyr.
Röwşen MAKSATMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri.