BIZ — SAGDYN NESILLER

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň sport mekdebiniň bilelikde guramagynda etrabyň çäginde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz — sagdyn nesiller» ady bilen sport ýaryşlary geçirildi. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirmegini gazanmak, olaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen guralan ýaryşlara merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän mekdep okuwçylary ruhubelenlik bilen gatnaşdylar.

Bagtyýar çagalar sportuň küşt, şaşka, woleýbol we kiçi futbol görnüşleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler, Turuwbaşdan gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşlara gyzyklanma uly boldy. Ýaryşlaryň netijesinde küştde «Bagtyýarlyk», şaşkada «Güneş», woleýbolda «Ruhubelent», kiçi futbolda «Gala» toparlary üstün çykdy. Ýaryşlaryň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Begli MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Iýul 2025 | 482 okalan

BIZ — SAGDYN NESILLER

26 Iýul 2025 | 115 okalan

ÝAŞ TENNISÇILER USSATLYGYNY GÖRKEZDILER