AWAZA FORUMYNYŇ TARYHY ÄHMIÝETI MYNASYBETLI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy: halkara çäreleriň we dost-doganlyk duşuşyklaryň merkezi» atly maslahat geçirildi.

Welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda we jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen maslahatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar, Watanymyzyň barha arşa göterilýän at-abraýy bilen baglanyşykly çykyşlar diňlendi. Çykyşlarda şu ýylyň 4–8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljekdigi we bu halkara çärä taýýarlyk görülýändigi barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Ýokary ruhubelentlikde geçen maslahata gatnaşanlar Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dost-doganlyk merkezine öwürmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Annadurdy WALLAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

28 Iýul 2025 | 482 okalan

BIZ — SAGDYN NESILLER

26 Iýul 2025 | 115 okalan

ÝAŞ TENNISÇILER USSATLYGYNY GÖRKEZDILER