Eneolit we bürünç asyrlarynda adamlar ýabany üzümiň medeni görnüşini ösdürip ýetişdirmegi başarandyklaryny köp sanly arheologiki tapyndylar subut edýär. Aşgabatdan ýüz kilometr gündogarda ýerleşýän Namazgadepe ýadygärliginde arheologiki gazuw-agtaryş işleri netijesinde, humlaryň biriniň düýbünden üzümiň kiçi görnüşli sortunyň kömüre dönen dänejikleri tapylýar. Şeýle möhüm ýaşaýyş ojagynyň medeni gatlagyndan üzüm tohumynyň tapylmagy iň azyndan üzümiň ýedi müň ýyl mundan ozal iýmit hökmünde ulanylandygyny görkezýär.
Üzümçilik barada köp sanly maglumatlara görä, Parfiýa döwründe bu medeni ekin uly täjirçilik ähmiýete eýe bolupdyr. Gerirud – Tejen we Murgab derýalarynyň jülgelerinde ýerleşýän Gündogar Parfiýa mülklerini Strabon şu sözler bilen häsiýetlendirýär: «Bu ýurt köp çakyr öndürýär we ol üç nesil saklanylýar. Bu ýurt üzüme baý. Hat-da bu ýerde şeýle bir ýogyn üzüm düýpleriniň duş gelýändigini, onuň daşyny diňe iki adam gurşap alyp bilýändigi we üzüm hoşalarynyň iki tirsek boýunyň bardygyny aýdýarlar».
Täze Nusaýdan, ybadathana we şa zerurlyklary üçin hem-de ýokary hilli şerap üçin getirilen üzümleriň gelen ýeri, olaryň ady, ölçegi, töleg hasaby ýazylan toýundan gaplaryň bölekleri – ostrakonlar tapylýar. Alymlaryň pikirine görä Parfiýada diňe bir üzümden çakyr öndürilmän, eýsem guradylyp kişmiş görnüşinde iýilipdir, şeýle-de ondan toşap gaýnadylypdyr. Häzirki zamanda ýetişdirilýän «terbaş» üzüminiň görnüşi hem Parfiýada ýetişdirilen üzümiň görnüşinden bolmagy ähtimal diýlip çaklanylýar.
Orta asyrlarda mongollaryň gelmegi bilen oba hojalyga örän güýçli zeper ýetýär. Şeýle-de bolsa üzüm ýetişdirmeklik saklanyp galypdyr. XVII-XVIII asyrlardan başlap has köp ekilip başlanýar. XX asyrlarda oba ýerlerinde her bir hojalykda diýen ýaly üzüm baglary ýa-da üzüm dalbarlary ekilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ýüz kyrkdan gowrak üzümiň görnüşi bar, olardan ýarysy diýen ýaly ýerli üzümlerdir.
Bu diagrammada Ahal welaýatynyň çäklerinde ýetişdirilýän miwe-ekinlerine degişli bolan üzümçilige bagyşlanylýar. Üzümçilik bu sebitlerde has irki döwürlerden bäri ösdürip ýetişdirilipdir. Häzirki wagtda ýetişdirilýän üzümiň iň oňat sortlarynyň tohumy şol döwürlerden gelip ýeten bolmagy ähtimaldyr. Diagrammada üzüm baglary we üzümler görkezilýär hem-de üzüm ýygyp gelen milli egin-eşikdäki gyzyň manekeni, onuň ýanynda üzüm salynan sebet durýar.
Rüstem MÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň başlygy.