Ýakynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 16-njy çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi bilen etrap polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda, etrabyň 16-njy çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň arasynda «Geliň, abadan ýolumyzda asudalygy goralyň» ady bilen bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik körpe nesilleriň ýol belgilerini tanamakda we ýol hereketini yşyklandyryjynyň buýruklaryny, dürs ýerine ýetirmekde ýaryşdylar. Şeýle-de körpeler ýol hereketiniň düzgünlerini ýatda galyjy, ýeňil usulda öwrendiler.
Bäsleşigiň ahyrynda körpe nesiller türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülzar BEKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň Dostluk şäher
bölümçesiniň Guramaçylyk bölüminiň
baş hünärmeni.