MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI KÖŇÜLLERI BIRLEŞDIRÝÄN MÜDIMI GYMMATLYK

Ýakynda Kerki etrap medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi we etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde tassyklanan düzgünnama esasynda, etrabyň ýaş bagşylarynyň gatnaşmagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny dabaralandyrmak mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köňülleri birleşdirýän müdimi gymmatlyk» atly aýdym-sazly bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde Kerki etrap medeniýet merkeziniň direktory Agamyrat Joraýew, Kerki etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Almagül Jumageldiýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni Oýdin Aşirowa eminlik etdiler.

Bäsleşikde ýaş bagşylarymyz 2 şert boýunça bäsleşdiler.  

1-nji şertde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýen sözlerinden ugur alyp Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan bir  aýdymyny ýerine ýetirdiler.

2-nji şertde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Bäsleşikde I, II we III orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Arzuw RAHMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň  başlygy.

Meňzeş habarlar