ÝEŇŞE ÝETIREN YHLAS

Sport beýik başlangyçlaryň binýadyny döredýär. Adamyň durmuşda hereketde bolmagy myşsalaryň sazlaşykly işjeňligini artdyrýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda gurlan döwrebap sport toplumlarynda sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Çünki saglyk ynsanyň başynyň täjidir.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir» diýen parasatly sözlerinden ugur alýan ýaşlar sport ulgamynda ýokary netijeler gazanyp, döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar. Türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda we beýleki dürli halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazananyny eşitsek ýa-da olar barada internet sahypalarynda duş gelsek, diýseň buýsanýarys. Se­bä­bi ola­ryň ga­zan­ýan her bir üs­tün­li­gi Wa­ta­ny­my­zyň sport abraýyny dünýäde ýokary derejelere çykarýar.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 26-sy 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 3-i aralygynda Hindistanyň De­li şä­he­rin­de Taek­won­do ITF bo­ýun­ça hal­ka­ra ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Orazmyrat Çaryýew hem gatnaşyp, ýaryşyň 4 görnüşi boýunça birinji orny eýe­läp, al­tyn me­dal­la­ra my­na­syp bol­ma­gy ba­şar­dy. Ýa­şyl baýdagymyzy belentden parladan türgen bilen söhbetdeş bolup, onuň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirýäris.

— Orazmyrat, ilki bilen sizi Taekwondo ITF boýunça geçirilen halkara ýaryşynda gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

— Sag bo­luň!

— Bilşimize görä, bu ýaryşyň toparlaýyn çykyşynda Türkmenistanyň ýygyndy topary baýrakly 3-nji orna mynasyp bolupdyr. Megerem, ýeňiş münberiniň ýokary basgançaklaryna çykmak türgenlerimiz üçin ýeňil düşmedik bolsa gerek?!

— Ýa­ryş diý­seň çe­ke­le­şik­li geç­di. Oňa gatnaşan türgenleriň hiç birini peslär ýaly däl. Ýaryşa dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen jemi 800-e golaý türgenler gatnaşdy. Olaryň içinde birnäçe halkara ýaryşlaryň ýeňijileri, Aziýa we dünýä çempionatlarynda ýeňiş gazanan türgenler bar.

Biz bu ýaryşa örän ykjam taýýarlandyk. Men 71 kg agramda, şahsy, tul we toparlaýyn tutluşykda we görkezme çykyşda, ýagny jemi 4 görnüş boýunça ýaryşyň altyn medalyna eýe boldum.

— Islendik türgeniň garşydaşyna garşy köplenç ulanýan söýgüli (esasy) tilsimi ýa-da emeli bolýar. Siz bu halkara ýaryşynda, esasan, haýsy emellerden peýdalandyňyz?

— Me­niň köp­lenç ulan­ýan til­simlerimiň biri ýakyn arada tutluşyk geçirmek. Şeýle-de söýgüli tilsimlerimiň bi­ri 360 gö­te­rim ur­gu­sy. Bu emel beýlekilere garanyňda has köp utuk berýär. Ýaryşda-da şol tilsimlere daýanyp, ýeňiş gazanmagy başardym.

Her bir türgen özüne hemişe üstünligiň ýar bolmagyny islese, onda ol barha kämilleşmeli. Şonuň üçin häzirki wagtda garşylyklaýyn urgularyň üstünde işleýärin.

— Gazanan ýeňişleriňiz hakda-da aýdaýsaňyz?

— Ýur­du­my­zyň çä­gin­de ge­çi­ril­ýän ýaryşlara dowamly gatnaşyp gelýärin. Eziz Wa­ta­ny­my­zyň çem­pio­nat­la­ryn­da hem-de Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda kyrk gezek çempion boldum. 2017-nji ýylda Mary welaýatynda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň çempionatlarynda degişlilikde 1-nji orna eýe boldum. 15-den gowrak daşary ýurtlarda geçirilen halkara ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazanyp, 9 gezek halkara ýaryşyň, 4 gezek Azi­ýa çem­pio­na­ty­nyň, 3 ge­zek dün­ýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň, 2 gezek söweş görnüşleri boýunça geçirilen halkara oýunlaryň ýeňijisi, şeýle hem 4 gezek Günorta Aziýanyň çempiony boldum.

Ýurdumyzda zähmetde, okuwda, döredijilikde hem-de sportda tapawutlanan ýaşlary ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary bilen sylaglandyrylýar. Maňa-da 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly adyna mynasyp bolmagym, meni täze sepgitlere atardy.

— Orazmyrat, sport bilen haçandan bäri meşgullanýarsyňyz we sporta ykbalyňyzy baglaýşyňyzy gürrüň beräýseňiz?!

— Ça­ga­lyk­dan, has dog­ru­sy 9 ýaşymdan bäri sport bilen meşgullanyp gelýärin. Sporta bolan söýgim, ýeňişe bolan yhlasym meniň sagdyn, berk bedenli, şeýle-de «Çempion» diýen hormatly adyň eýesi bolmagyma getirdi.

Sporta gelmegime kakam itergi berdi. Ilki teleýaýlymlaryň üsti bilen şu sporty özüme ýakyn görüp, bu barada kakama aýtdym. Taekwondo ITF görnüşi bilen 12 ýyldan bäri türgenleşik geçip gelýärin. Meniň sportuň bu ugry boýunça has-da kämilleşmegime Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň ýardamy örän uludyr.

— Sportdan başga-da, okyjylarymyz sizi kino sungatynda-da ýakyndan tanaýarlar.

— Hal­ky­myz­da şeý­le­räk bir nakyl bar: «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr». Meniň durmuşymyň esasy bölegi sport bilen meşgullanmak bolsa-da, kino sungaty bilen hem ýakyndan gyzyklanýaryn. Bu ugurda-da özümi birnäçe gezek synap gördüm, synanyşyklarym gowy netije-de berdi. Türkmenistanyň «Oguzhan» adyndaky Türk­men­film bir­le­şi­gi­niň dü­şü­ren «Kä­mil­li­ge ýol» at­ly fil­min­de esa­sy rollaryň birini ýerine ýetirdim. Bu film «Türk­me­nis­tan sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda tomaşaçylara ýe­ti­ril­di. On­da We­pa at­ly tür­gen ýi­gidiň keşbini janlandyrdym.

Bu keş­bi jan­lan­dyr­ma­ga re­žiss­ýor Batyr Batyrow teklip etdi. Ol meniň hereketlerimi teleýaýlymda we wideoşekilleriň üsti bilen görüp, baş keşbi maňa ynandy. Şowly çykan bu ki­no­film to­ma­şa­çy­la­ryň gyz­gyn goldawyna we söýgüsine mynasyp boldy. Şonuň üçin geljekde kinonyň dowamyny düşürip, halkymyza ýetirmegi maksat edinýäris.

— Öňüňizde goýan maksatlaryňyz myrat tapsyn!

— Sag­ bo­luň! Bi­zi sag­dyn­ly­gyň, ruhubelentligiň ýoly bilen bagtly günleriň goýnuna atarýan hormatly Prezidentimize alkyşymyzyň çägi ýok. Goý, halkyny gülläp ösüş ýoly bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Söhbetdeş bolan Aknur ATAÝEWA,

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyby.

“Nesil” gazeti,

18.04.2019ý.

Meňzeş habarlar

20 Awgust 2025 | 47 okalan

SANLY BILIM — GELJEGIŇ AÇARY

20 Awgust 2025 | 39 okalan

MANYLY ÖMÜR NESILLERE NUSGALYKDYR

20 Awgust 2025 | 38 okalan

AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI