Sport beýik başlangyçlaryň binýadyny döredýär. Adamyň durmuşda hereketde bolmagy myşsalaryň sazlaşykly işjeňligini artdyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda gurlan döwrebap sport toplumlarynda sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Çünki saglyk ynsanyň başynyň täjidir.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr. Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir» diýen parasatly sözlerinden ugur alýan ýaşlar sport ulgamynda ýokary netijeler gazanyp, döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar. Türkmen türgenleriniň dünýä çempionatlarynda we beýleki dürli halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazananyny eşitsek ýa-da olar barada internet sahypalarynda duş gelsek, diýseň buýsanýarys. Sebäbi olaryň gazanýan her bir üstünligi Watanymyzyň sport abraýyny dünýäde ýokary derejelere çykarýar.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 26-sy 2019-njy ýylyň ýanwar aýynyň 3-i aralygynda Hindistanyň Deli şäherinde Taekwondo ITF boýunça halkara ýaryş geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Orazmyrat Çaryýew hem gatnaşyp, ýaryşyň 4 görnüşi boýunça birinji orny eýeläp, altyn medallara mynasyp bolmagy başardy. Ýaşyl baýdagymyzy belentden parladan türgen bilen söhbetdeş bolup, onuň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirýäris.
— Orazmyrat, ilki bilen sizi Taekwondo ITF boýunça geçirilen halkara ýaryşynda gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
— Sag boluň!
— Bilşimize görä, bu ýaryşyň toparlaýyn çykyşynda Türkmenistanyň ýygyndy topary baýrakly 3-nji orna mynasyp bolupdyr. Megerem, ýeňiş münberiniň ýokary basgançaklaryna çykmak türgenlerimiz üçin ýeňil düşmedik bolsa gerek?!
— Ýaryş diýseň çekeleşikli geçdi. Oňa gatnaşan türgenleriň hiç birini peslär ýaly däl. Ýaryşa dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen jemi 800-e golaý türgenler gatnaşdy. Olaryň içinde birnäçe halkara ýaryşlaryň ýeňijileri, Aziýa we dünýä çempionatlarynda ýeňiş gazanan türgenler bar.
Biz bu ýaryşa örän ykjam taýýarlandyk. Men 71 kg agramda, şahsy, tul we toparlaýyn tutluşykda we görkezme çykyşda, ýagny jemi 4 görnüş boýunça ýaryşyň altyn medalyna eýe boldum.
— Islendik türgeniň garşydaşyna garşy köplenç ulanýan söýgüli (esasy) tilsimi ýa-da emeli bolýar. Siz bu halkara ýaryşynda, esasan, haýsy emellerden peýdalandyňyz?
— Meniň köplenç ulanýan tilsimlerimiň biri ýakyn arada tutluşyk geçirmek. Şeýle-de söýgüli tilsimlerimiň biri 360 göterim urgusy. Bu emel beýlekilere garanyňda has köp utuk berýär. Ýaryşda-da şol tilsimlere daýanyp, ýeňiş gazanmagy başardym.
Her bir türgen özüne hemişe üstünligiň ýar bolmagyny islese, onda ol barha kämilleşmeli. Şonuň üçin häzirki wagtda garşylyklaýyn urgularyň üstünde işleýärin.
— Gazanan ýeňişleriňiz hakda-da aýdaýsaňyz?
— Ýurdumyzyň çäginde geçirilýän ýaryşlara dowamly gatnaşyp gelýärin. Eziz Watanymyzyň çempionatlarynda hem-de Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşlarda kyrk gezek çempion boldum. 2017-nji ýylda Mary welaýatynda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň çempionatlarynda degişlilikde 1-nji orna eýe boldum. 15-den gowrak daşary ýurtlarda geçirilen halkara ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazanyp, 9 gezek halkara ýaryşyň, 4 gezek Aziýa çempionatynyň, 3 gezek dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň, 2 gezek söweş görnüşleri boýunça geçirilen halkara oýunlaryň ýeňijisi, şeýle hem 4 gezek Günorta Aziýanyň çempiony boldum.
Ýurdumyzda zähmetde, okuwda, döredijilikde hem-de sportda tapawutlanan ýaşlary ýylyň-ýylyna döwlet sylaglary bilen sylaglandyrylýar. Maňa-da 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly adyna mynasyp bolmagym, meni täze sepgitlere atardy.
— Orazmyrat, sport bilen haçandan bäri meşgullanýarsyňyz we sporta ykbalyňyzy baglaýşyňyzy gürrüň beräýseňiz?!
— Çagalykdan, has dogrusy 9 ýaşymdan bäri sport bilen meşgullanyp gelýärin. Sporta bolan söýgim, ýeňişe bolan yhlasym meniň sagdyn, berk bedenli, şeýle-de «Çempion» diýen hormatly adyň eýesi bolmagyma getirdi.
Sporta gelmegime kakam itergi berdi. Ilki teleýaýlymlaryň üsti bilen şu sporty özüme ýakyn görüp, bu barada kakama aýtdym. Taekwondo ITF görnüşi bilen 12 ýyldan bäri türgenleşik geçip gelýärin. Meniň sportuň bu ugry boýunça has-da kämilleşmegime Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň ýardamy örän uludyr.
— Sportdan başga-da, okyjylarymyz sizi kino sungatynda-da ýakyndan tanaýarlar.
— Halkymyzda şeýleräk bir nakyl bar: «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr». Meniň durmuşymyň esasy bölegi sport bilen meşgullanmak bolsa-da, kino sungaty bilen hem ýakyndan gyzyklanýaryn. Bu ugurda-da özümi birnäçe gezek synap gördüm, synanyşyklarym gowy netije-de berdi. Türkmenistanyň «Oguzhan» adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň düşüren «Kämillige ýol» atly filminde esasy rollaryň birini ýerine ýetirdim. Bu film «Türkmenistan sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda tomaşaçylara ýetirildi. Onda Wepa atly türgen ýigidiň keşbini janlandyrdym.
Bu keşbi janlandyrmaga režissýor Batyr Batyrow teklip etdi. Ol meniň hereketlerimi teleýaýlymda we wideoşekilleriň üsti bilen görüp, baş keşbi maňa ynandy. Şowly çykan bu kinofilm tomaşaçylaryň gyzgyn goldawyna we söýgüsine mynasyp boldy. Şonuň üçin geljekde kinonyň dowamyny düşürip, halkymyza ýetirmegi maksat edinýäris.
— Öňüňizde goýan maksatlaryňyz myrat tapsyn!
— Sag boluň! Bizi sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýoly bilen bagtly günleriň goýnuna atarýan hormatly Prezidentimize alkyşymyzyň çägi ýok. Goý, halkyny gülläp ösüş ýoly bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Söhbetdeş bolan Aknur ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyby.
“Nesil” gazeti,
18.04.2019ý.