ÝAŞLAR SYÝASATY DABARALANÝAR

Ýurdumyzyň bedew batly depginini mundan beýläk hem dowam etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň bolup ýetişmekleri möhümdir. Häzirki wagtda Türkmenistanda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň gaýtalanmajak tebigatyna söýgi, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine, häzirki zaman medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biridir. Bu kadalaşdyryjy hukuk nama Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, tärlerini kesgitleýär. Kanun ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny, ýaşlaryň döwlet syýasatyny we jemgyýetiň ösüş maksatnamalaryny döretmäge we amala aşyrmaga gatnaşmagyny üpjün edýär.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylmagy hukuk binýadyny döretmekde nobatdaky ädim boldy. Döwlet Maksatnamasynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, maksatlary, wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary anyk kesgitlenildi. Maksatnamada ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygynyň hem-de olara döwlet goldawyny bermegiň her bir ugur boýunça anyk beýan edilmegi bilen çäklenilmän, eýsem, ýaş maşgalalary durmuş-ykdysady taýdan goldamagy hem göz öňünde tutýar. Bu maksatnama giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olara oňyn şertleri döretmek we saglygyny goramak, telekeçiligi ösdürmek, bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek, halkara hyzmatdaşlyga goldaw bermek ýaly şertleri döretmek boýunça möhüm resminamadyr.

Ogulmaral SAPARGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň borçnama boýunça harby gullukçysy, kapitan.

“Nesil” gazeti,

28.05.2019ý.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 89 okalan

BAG EKMEK — ÖMRE DOWAMAT

18 Noýabr 2025 | 253 okalan

ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝELERI

18 Noýabr 2025 | 151 okalan

TÜRKMEN ÝAŞLARY — DÖWLETIMIZIŇ GELJEGI