BILIMLI NESIL BILEN ÝEŇIŞLERE ROWANA

Maý aýynyň 19-26-sy aralygynda Hindistanyň paýtagty Deli şäherinde biologiýa, himiýa, fizika, matematika dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň VIII Halkara Amity olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada 10 döwletden, jemi 220 okuwçy gatnaşdy.

Halkara olimpiada ýurdumyzyň 19 sany zehinli mekdep okuwçylaryndan ybarat bolan topar gatnaşdy. Türkmenistanly topara Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň biologiýa mugallymy Atajan Rahmanow we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň fizika mugallymy Yhlas Apbasow dagy ýolbaşçylyk etdi.

Ýurdumyzyň zehinli okuwçylary bu olimpiadada üstünlikli çykyş edip, 14 altyn, 12 kümüş, 9 bürünç medallara hem-de höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.

Netijede, Halkara Amity olimpiadasynyň guramaçylyk toparynyň emin agzalary tarapyndan ähli dersler boýunça gazanan ýokary netijelerini nazarda tutup, ýurdumyzyň zehinli okuwçylaryndan düzülen topara ýörite kubok gowşuryldy.

Ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almaklary üçin döwrebap şertleri döredip, şeýle halkara olimpiadalarynda üstünlikli çykyş etmäge giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza bäsleşige gatnaşan zehinli mekdep okuwçylarynyň alkyşlary çäksizdir.

Aýjemal GURBANOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by.

“Nesil” gazeti,

30.05.2019ý.

 

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2025 | 88 okalan

BAG EKMEK — ÖMRE DOWAMAT

18 Noýabr 2025 | 249 okalan

ÝAŞLAR BAÝRAGYNYŇ EÝELERI

18 Noýabr 2025 | 149 okalan

TÜRKMEN ÝAŞLARY — DÖWLETIMIZIŇ GELJEGI