Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň bilelikde guramagynda BMG-niň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçirilen üçünji maslahatyň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşlikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň çäklerinde geçirilen Ýaşlar forumy barada şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlyk etmeginde on ýyldan bir gezek geçirilýän bu halkara maslahatyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin söhbetler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky ornuny pugtalandyrmakda, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň müdiri.