ÇAGALAR BAGY ULANYLMAGA BERILDI

Her ýyl paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, onuň etrap merkezlerinde, welaýatlarda birnäçe körpe nesiller üçin çagalar baglary, orta we orta hünär okuw mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär, olaryň içinde bolsa sanly tehnologiýalar ornaşdyrylyp ussat hünärmenler taýýarlanýar. Alnyp barylýan netijeli işleriň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde 148-nji çagalar bagy açylyp ulanylmaga berildi.

Bu çagalar bagy hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bilim ulgamynda özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy. Körpeler üçin niýetlenen iki gatly döwrebap binada çagalary mekdebe taýýarlamak, olaryň okuw we döredijilik işleri bilen meşgullanmagy üçin hemme şertler döredilendir. Şeýle hem binada kompýuter we lingafon otaglary, aýdym-saz we sport zallary üçin hem naharhana toplumy bar.

Açylyş dabarasynyň dowamynda oňa gatnaşanlar körpe nesillerimiziň abadan durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Maýa ŞÄMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 25 okalan

ÇAGALAR BAGY ULANYLMAGA BERILDI

01 Sentýabr 2025 | 13 okalan

SAGDYN JEMGYÝET — SAGDYN DURMUŞ

01 Sentýabr 2025 | 58 okalan

BILIM OJAKLARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR