Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallalary bilen ýurdumyzyň gülläp ösmegi, tutuş adamzadyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda taryhy işler amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, her ýylda ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hem bu taryhy maslahatyň nobatdaky mejlisine uly taýýarlyk görülýär. Ata Watanymyzyň toýdur-baýramlara, şanly wakalara beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetini, berkarar döwletimiziň ösüşini hem-de beýik geljegini nazarlaýan özgertmelerini wagyz etmek maksady bilen paýtagtymyzyň çäginde zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — röwşen geljegiň binýady» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda häzirki döwürde her bir döwletli işde halk bilen maslahatlaşmagyň asylly däbe öwrülendigi, şu ýyl geçiriljek döwletli maslahatda kabul ediljek çözgütleriň hem il alkyşy, halk goldawy bilen ýurdumyzyň täze ösüşlerine badalga berjekdigi baradaky çykyşlara uly orun berildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan, bagtly we nurana geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.