Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň şäher garnizony bilen bilelikde guramagynda “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda ýaşlara Watan mukaddesligini we gymmatlygyny düşündirmek maksady bilen çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasynda «Kalplarda Watan mukaddes» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Watana bolan beýik söýgüni özünde jemleýän beýik ynsanperwerlik, halallyk, watansöýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetler barada täsirli gürrüňleri berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarymyza giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Umyt BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy.