Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramagynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkeziniň kiçi mejlisler zalynda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýaşlara düşündirmek we Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreler dogrusynda, şeýle hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň sazlaşykly ösüşinde Türkmenistanyň Halk maslahatynyň möhüm ornuny wagyz etmek maksady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýaşlara ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan özbaşdaklygynyň gymmaty, Garaşsyzlygyň beren miweleri, ýeten beýik sepgitlerimiz, täze maksatlarymyz we ösüşli menzillerimiz barada, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisiniň ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýan milli demokratik ýörelgelerimiziň ajaýyp zamanamyzda dabaralanýandygyny buýsanç bilen gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwlet syýasatynda halk baradaky aladany ileri tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Orazgül AMANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
«Türkmennebit» Döwlet konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.