Türkmen halkynyň keşdeçilik sungaty eziz Watanymyzyň gözelligini, mähriban ojagymyzyň ýylylygyny, çäksiz söýgi bilen garaýan enelerimiziň gözlerini, gyz-gelinlerimiziň mylaýym ýylgyrşyny ýada salýar. Zehinli zenanlarymyzyň döredýän el işleriniň nepisligi ýürege ýylylyk çaýýar. Olara gözi düşen her bir adam synladygyça synlasy gelýär. Keşde milli we döwrebap lybaslarymyzyň esasy bezegi, aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Gül-gunça bürenip ýatan türkmen sährasyna meňzeýän nagyşlaryň köpdürlüligi ellerinden dür dökülýän ussat keşdeçilerimiziň her bir işine siňdirýän yhlasynyň ajaýyp miwesidir. Keşdeçilik sungaty döwrebap şertlerde öz meşhurlygyny ýitirmeýär. Döredýän el işleriniň döwrebap bolmagy, başgalarda gaýtalanmazlygy keşdeçi gelin-gyzlarymyzyň ussatlyk derejesini aňladýan alamatlardyr. Her bir nagşyň, her bir sanjymyň beýlekilere meňzemezligi, özboluşly bolup çykmagy bu sungatyň has giňden meşhurlyk gazanmagyna, ony öwrenmek isleýän, keşde bilen bezelen lybaslary geýmek isleýän ýaşlarymyzyň sanynyň artmagyna şert döredýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny aýap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyz bu ugurda dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň biri bolan ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasy esasynda türkmen keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Oguljeren ÇENDIROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.