WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň mejlisler zalynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň çäginde zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýol-ulag gatnaşygynda howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek her bir adamyň borjudygyny, ýol hereketiniň düzgünlerini bilmek diňe sürüjiler üçin däl, eýsem pyýada ýolagçylar üçin hem zerurdygyny bellediler. Mundan başgada ýol-hereketiniň düzgünlerini öwretmek, ýaşlarda tehniki we ätiýaçlyk hereketler toplumyny kemala getirmek bilen bir hatarda, jogapkärçilik duýgusyny, ünsli bolmagy, jemgyýetçilik tertibine hormat goýmagy hem terbiýeleýär diýip çykyş edenler aýratyn nygtadylar.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly her ýylda geçirilýän bir aýlyk çäreler toplumy örän ähmiýetlidir. Her ýylyň sentýabr aýynyň başynda badalga alýan bu hereket ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça birnäçe çäreleri öz içine alýandygyny bu şygar astynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, dürli duşuşyklardyr- maslahatlar giň gerimli häsiýete eýe bolup, ýaş nesilde jogapkärçilik, ýol medeniýeti, özüniň hem-de ýol-hereketine gatnaşýan beýleki adamlaryň howpsuzlygyna hormat goýmak ýaly endikleri terbiýelemekde aýratyn uly ähmiýete eýe bolýandygyny belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar öz gezeginde halkymyzyň asuda. abadan durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maýa ŞÄMIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 10 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 8 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI