“BITARAP TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ MEKANY” ATLY BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda şu ýylyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada ýaş hünärmenleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany” atly brifing duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzda döwürleriň we nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanyşygy, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlap alan parahatçylyk döredijilik ýoluna ygrarlydygyny görkezýän umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýändigini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, umumymilli forumy ýokary derejede geçirmek üçin degişli guramaçylyk toparynyň döredilendigini bellediler. Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti barada wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary guramak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek boýunça hem işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar. Brifing duşuşygyna gatnaşan ýaşlaryň çykyş eden myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan sowallary bermegi çärä aýratyn ähmiýet berdi.

Brifing duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi gülledip ösdürmekde, onuň şan-şöhratyny, at-abraýyny belent derejelere götermekde beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Sentýabr 2025 | 20 okalan

BRIFING DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 21 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI