“BIZ OWAZ BILEN”

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Biz owaz bilen” atly aýdym-sazly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi.

Her hepdäniň şenbe güni ýaýlyma goýberilýän gepleşigiň bu gezekki sanyna 2018-nji ýylda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijisi, 2023-nji ýylda “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Şamyrat Hojagulyýewiň gatnaşmagynda ýazgy edildi.

Gepleşigiň dowamynda aýdymçy Şamyrat Hojagulyýew tarapyndan “Käbäm ejem,” aýdymy, mundan başgada “Çynara”, “Perim”, “Söýýärin seni” “Selbijan” atly aýdymlary hem-de dünýä dillerindäki aýdymlar ýerine ýetirilip, ýaş aýdymçy bilen gyzykly sorag-jogaplar alyşyldy, şeýle hem ýaş zehinli aýdymça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgady gowşuryldy.

Gepleşigiň bu sany aýdymçynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, Türkmenistan döwletimizi, hormatly Prezidentimizi wasp edýän “Arkadagly Serdarym!” atly ajaýyp aýdym bilen jemlendi.

Ýazgynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetimizi, sungatymyzy gülledip ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulbahar AÝAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 16 okalan

“BIZ OWAZ BILEN”

12 Sentýabr 2025 | 26 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI