Golaýda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Garabekewül şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň guramagynda aksakgally ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, etrabyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýakynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini wagyz etmek maksady bilen «Halk Maslahaty – döwletlilik binýady» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler Garaşsyzlyk toýumyzyň hem-de Halk Maslahatynyň nobatdaky Mejlisiniň iki şatlykly wakanyň bellenilýän aýynda döwrümiziň şanyna şan, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak döwletli işleriň başy tutulyp, halkymyzyň abadançylygyny has-da dabaralandyrmak ugrunda nusgalyk tagallalary durmuş hakykatyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz buýsançlaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyny asuda, bagtyýar, eşretli zamanada ýaşamaga, halal zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjan ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň müdiri.