BILIMLI ÝAŞLAR – BEÝIK WE ŞÖHRATLY GELJEK

Ýakynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 2111 harby bölüminiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramagynda Çärjew etrabynyň 2111 harby bölüminiň harby gullukçylarynyň hem-de etrabyň il ýaşulularynyň, ak saçly eneleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk we onuň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek maksady bilen «Bilimli ýaşlar – beýik we şöhratly geljek» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň, çäk bitewiliginiň, halkymyzyň parahat durmuşynyň goragyna gönükdirilendir. Ol Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar diýip bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti döretmek, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edýän aladalary üçin öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Nasiba ŞERALIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Sentýabr 2025 | 7 okalan

ÝURDUMYZ PARAHAT – ILLERIMIZ ABADAN

19 Sentýabr 2025 | 10 okalan

HALK MASLAHATY – HALKYŇ BÄHBIDI