Golaýda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 59-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap häkimliginiň, Köýtendag etrap bilim bölüminiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap komitetiniň bilelikde guramagynda «Halk maslahaty – halkyň bähbidi» ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahat duşuşygyna gatnaşanlar hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmek, ynsanperwer ýörelgelerini doly durmuşa geçirmek hakynda aýratyn belläp geçdiler. Maslahatda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler bilen bir hatarda, özygtyýarly ösüşiň 34 ýylynyň içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň içerki we daşarky syýasatynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar maslahatly, geňeşli tutumlar, berekede beslenýän başlangyçlar bilen ýurdumyzy asudalyk, bagtyýarlyk mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şahnoza GAPPAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.