«ARKADAG» FUTBOL TOPARY IKINJI GEZEK TÜRKMENISTANYŇ NAÝBAŞY KUBOGYNA EÝE BOLDY

«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýene bir gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna eýe boldylar. Döwlet ähmiýetli «akylly» şäheriň adyndan çykyş edýän topar jemleýji duşuşykda «Ahal» toparyny 3:0 hasaby bilen ýeňip, bu üstünligi gazandy.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan esaslandyrylan Naýbaşy kubok 2005-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň çempiony bilen Kubogyň eýesiniň arasynda oýnalýar. Geçen ýyl «Arkadag» topary ýurdumyzyň çempiony hem-de Kubogyň eýesi boldy, «Ahal» topary bolsa Naýbaşy kubok duşuşygyna Kubogyň finalçysy hökmünde gatnaşdy.

Ýurdumyzyň üçünji derejeli baýragy ugrunda jemleýji duşuşyk Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda geçirildi.

Duşuşygyň ykbaly birinji ýarymda çözüldi, eýýäm 14-nji minutda Mirza Beknazarow «Arkadag» toparyny 1:0 hasaby bilen öňe çykardy, 27-nji minutda bolsa ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» toparyndan Döwran Hojamämmedow gödek oýnandygy üçin meýdançadan çykaryldy. Bir oýunçysy kem galan «Ahal» topary soňky minutlarda ýurdumyzyň iki gezek çempiony bilen deň derejede oýnap bilmedi. Duşuşygyň 52-nji we 63-nji minutlarynda Altymyrat Annadurdyýew iki pökgini geçirdi we ol duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň özeni bolan «Arkadag» futbol topary 2023-nji ýylda döredildi we ilkinji ýylynda çempion boldy hem-de ýurduň Kubogyna eýe boldy. Topar döredilen gününden bäri milli çempionatyndaky resmi duşuşyklarda bir gezek hem utuk ýitirmedi. Geçen ýyl «Arkadag» toparynyň futbolçylary trebl gazandylar: çempionatyň altyn medaly bilen bir hatarda ýurduň Kubogyny we Naýbaşy kubogyny hem eýelediler. Indi bolsa olar yzly-yzyna ikinji ýyl üçünji derejeli milli baýrak bilen sylaglandy.

Bu üstünlige «Arkadag» topary Türkmenistanyň milli ýygyndynyň öňki hüjümçisi, Groznynyň «Terek» toparynyň düzüminde 2003/04 möwsüminde Russiýanyň Kubogynyň eýesi we «Balkan» toparynyň düzüminde 2013-nji ýylda AFK-nyň Prezident Kubogynyň ýeňijisi bolan 45 ýaşly Wladimir Baýramowyň tälimçiliginde ýetdi.

Şu ýylyň maý aýynda «Arkadag» topary Aziýanyň topar derejesindäki üçünji möhüm baýragy – 2024/25 möwsüminiň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kubogyny gazandy, finalda olar Kambojanyň «Preah Khan Reach Svay Rieng» toparyny 2:1 hasaby bilen utdy. Şeýle hem sentýabrda olar Aziýanyň ikinji derejeli topar ýaryşy bolan AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda ilkinji gezek çykyş etdiler. Bu ýaryşyň 2025/26 möwsüminiň «B» toparçasynda, ilkinji tapgyrda, öz meýdançasynda Özbegistanyň «Andijon» topary bilen 0:0 hasaby bilen deňme-deň oýnadylar. Bu toparçada Kataryň «Al-Ahli» we Bahreýniň «Al-Haldia» toparlary hem çykyş edýär.

«Arkadag» topary bilen «Ahal» toparynyň arasynda bolan bu duşuşyk AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň ikinji tapgyrynyň öňüsyrasynda güýçli synag boldy. 1-nji oktýabrda «Arkadag» topary Bahreýnde «Al-Haldia» topary bilen duşuşar, «Ahal» topary bolsa şondan bir gün öň Arkadag şäheriniň stadionynda Iordaniýanyň çempiony «Al-Huseýn» topary bilen duşuşar. Belli bolşy ýaly, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň topary «C» toparçasynyň birinji tapgyrynda, Hindistanyň çempiony «Mohun Bagan» bilen Kalkuttada duşuşyp, 1:0 hasaby bilen ýeňiş gazandy. Bu toparçada Eýranyň wise-çempiony «Sepahan» hem 1/8 finala çykmak ugrunda göreşýär.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar