Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynda ýaşlarymyzy kitaphana çekmek, kitaba bolan söýgüni döretmek maksady bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda gezelenç duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Balkan welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň işgärleri, talyp ýaşlara kitap adamzat üçin iň gymmatly hazynalaryň biridir. Ol ylmyň, pähimiň, taryhyň, edebiýatyň we döredijiligiň çeşmesidir. Kitap diňe bir bilim bermän, eýsem terbiýe berýär, adamyň dünýägaraýşyny giňeldýär diýip gyzykly gürrüňleri berdiler.
Gezelenç çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Sähragül IŞANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.












