MILLI GYMMATLYGYMYZA SARPA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat şäher bölüminiň mejlisler zalynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda «Milli gymmatlygymyza sarpa» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işler dogrusynda täsirli çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzy şeýle eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Oktýabr 2025 | 51 okalan

HÖWESJEŇLER BÄSLEŞDILER

28 Oktýabr 2025 | 47 okalan

DIÝARY WASP EDÝÄR ÇAGA ÝÜREGIM

28 Oktýabr 2025 | 44 okalan

MAŞGALA MUKADDESLIGI – MERTEBE MEKDEBI