TÄSIRLI GEÇEN ÇÄRE

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň we Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Etrek etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Onuň dowamynda çykyş edenler, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanyp, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny gurmak ugrunda ýaş nesilleriň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ýaýbaňlandyryp, ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada täsirli çykyşlary etdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda  taýsyz-tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Züleýha BAÝMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

28 Oktýabr 2025 | 51 okalan

HÖWESJEŇLER BÄSLEŞDILER

28 Oktýabr 2025 | 47 okalan

DIÝARY WASP EDÝÄR ÇAGA ÝÜREGIM

28 Oktýabr 2025 | 44 okalan

MAŞGALA MUKADDESLIGI – MERTEBE MEKDEBI