Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we Türkmenbaşy şäher bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň 3-nji sport mekdebinde ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek hem-de ony ösdürmek, iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek, şeýle hem öz hünärine ussat türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen, sportuň Uşu görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi.
Oňa gatnaşyjylar A, B, Ç toparlara bölünip bäsleşdiler. Bäsleşik örän gyzykly we şowhunly geçdi. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Sportuň Uşu görnüşi boýunça geçirilen sport bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzy bagtyýar zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.
Gültäç ALYHANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
esasy hünärmeni.












