Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 21-nji orta mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV spartakiadanyň çäginde düzzüm ýaryşy geçirildi.
Ýaşlary sporta giňden çekmekde, olaryň sport ussatlyklaryny kämilleşdirmekde, güýçli toparlary ýüze çykarmakda hem-de höweslendirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň okuwçy gyzlary we oglanlary gatnaşdylar. Uly gyzyklanma döreden ýaryşyň netijesinde oglanlaryň arasynda etrabyň 18-nji orta mekdebiniň topary birinji, 15-nji orta mekdebiniň topary ikinji, 21-nji orta mekdebiniň topary üçünji orna mynasyp boldular. Okuwçy gyzlaryň arasynda etrabyň 18-nji, 15-nji we 14-nji orta mekdepleriniň toparlary baýrakly orunlary eýelediler. Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda Hormat hatlary gowşuryldy.
Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












