Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilen 43-nji mejlisinde dünýä jemgyýetçiliginde uly ähmiýete eýe bolan waka — 15-nji dekabr senesiniň resmi taýdan “Bütindünýä türki dil maşgalasy güni” diýlip yglan edilmegidir.
Bu taryhy karar türki dilleriň we siwilizasiýasynyň dünýä medeniýetine goşan uly goşandynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär. Şeýle hem bu sene dünýäde 200 milliondan gowrak adamy birleşdirýän türki dilleriň baý taryhy we medeni mirasyna aýratyn üns çekýär.
Kabul edilen bu möhüm çözgüt diňe bir dil baýramy bolman, eýsem, türki dünýäsiniň medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüşindäki möhüm ädim bolup durýar. Bu karar türki halklaryň köpasyrlyk taryhynyň, edebiýatynyň, sungatynyň we maddy däl medeni mirasynyň bütin adamzadyň umumy gymmatlygydygyny dünýä äşgär edýär. Şeýle hem dürli halklaryň arasynda özara düşünişmegi, dost-doganlygy we medeni gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam edýär.
Türkmenistan hem türki dilleriň we medeniýetiň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen dili dünýä derejesinde giňden tanadylýar. Türkmen diliniň baý söz hazynasy, halk döredijiligi hem-de milli medeniýetimiz türki dünýäniň umumy mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Bu ugurda ýurdumyzda geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar, halkara forumlar we medeni çäreler halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Türki diller maşgalasy häzirki wagtda Aziýanyň hem-de Ýewropanyň giň çäklerinde ýaýran dilleri öz içine alýar. Türkmen, türk, azerbaýjan, özbek, gazak, gyrgyz we beýleki doganlyk diller bu uly maşgalanyň esasy wekilleridir. Bu dillerde gepleýän adamlaryň sany dünýäde 200 milliondan gowrak bolup, olaryň ählisi umumy taryhy, medeniýeti we dil kökleri bilen baglanyşyklydyr.
15-nji dekabr — Bütindünýä türki dil maşgalasy güni, türki dilleriň diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem, halklaryň medeni mirasyny, ruhy baýlygyny we taryhy bitewiligini nesilden-nesle geçirýän gymmatly baýlykdygyny ýatladýan baýramdyr. Bu gün türki dilleriň ösdürilmegine, ylmy taýdan öwrenilmegine, şeýle hem bu dillerde döredilen baý edebi mirasyň dünýä derejesinde wagyz edilmegine uly mümkinçilik döredýär.Türki dilleriň kökünde dostluk, agzybirlik we ruhy ýakynlyk bar. Bu baýram halklary birleşdirýär, medeni gatnaşyklara täze mümkinçilikler açýar. Biziň borjumyz bolsa ata-babalarymyzdan miras galan bu gymmatly baýlygy — dilimizi, edebiýatymyzy we medeni mirasymyzy gorap saklamak, ony ýaş nesillere ýetirmekdir.
Mämmetoraz ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.












