Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 14-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda «Bagtyýar döwrüň bagtly ýaşlary» ady bilen ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan duşuşykda halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny, ýaramaz endiklerinden daşda durmagyny, Watanymyza wepaly, ilhalar nesiller bolup ýetişmegini gazanmak ugrundaky giň gerimli işler dogrusynda gürrüň edildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň günsaýyn gülläp ösýändigi, ýaşlar hakdaky aladalaryň rowaçlanýandygy barada aýratyn nygtap, ýaşlara watansöýüjilik, ahlak päkligi, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek boýunça gymmatly ündewlerini aýtdylar.
Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Merdan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.












