Golaýda Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde Balkan welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11 – 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan eden hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby boýunça sorag-jogap bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyry sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp kompýuterde geçirilip Balkan welaýatynyň etrapdyr şäherleriniň umumybilim berýän orta mekdeplerinde baýrakly orunlary alan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bu bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň ýaşlaryň durmuşynda ýol görkeziji bolmagyny, kitapdaky berilýän maglumatlary ýatdan bilmek, kitaby gaýta-gaýta okamak, manylaryna çuňňur düşünmekligi we kitap okamak endiklerini ösdürmekden ybarat bolup durýar. Bäsleşik örän çekeleşikli dowam edip okuwçylar özleriniň ukyp başarnyklaryny aýdyň açyp görkezdiler.
Geçirilen bäsleşikde okuwçylar özleriniň beren jogaplaryna görä kompýuteriň üsti bilen bahalandyrylyp utuklar ýygnanylyp, Baş baýraga Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 22-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Nuralyýewa Bägül, I orna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Pirliýewa Bägül, II orna Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Hojamuhammedow Ysmaýyl, III orna Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Garaýewa Medine mynasyp boldylar.
Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylara Balkan welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.












