«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA TELEÝAZGY ARKALY SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň «Bagt köşgi» toý mekanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň arasynda «Türkmen – özbek gatnaşyklary: dostluk we strategik hyzmatdaşlyk köprüsi» atly tegelek stoluň başynda teleýazgy arkaly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda çykyş edenler, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýerip, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli we ynanyşmak esasynda alyp barýan dost-doganlyk gatnaşyklary, döwletimiziň ýer ýüzünde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda öňe sürýän möhüm başlangyçlary hakynda belläp geçdiler. Şeýle-de, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň baý mazmuna eýe bolup, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygyň berkemegindäki ähmiýeti hakynda hem nygtaldy.

Söhbetdeşlik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlaryň watansöýüji, zähmetsöýer, maksada okgunly, ruhubelent we päk ahlakly, ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Narif BABAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň hojalyk işleri boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar