SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI – DURMUŞYMYZYŇ ABATLYGY

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 27-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň, Halaç etrap bilim bölüminiň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi – durmuşymyzyň abatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmalydygy, mekdeplerde we jemgyýetçilik ýerlerinde düzgün-tertibi saklamak, türkmen gyzlarynyň ahlaklylygy, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, köpçülikleýin ulaglara münülende we düşülende seresaply bolmalydygyny, ýaşlaryň okuwdan boş wagtlary  sport bilen meşgullanmalydygy barada gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gandym WELLEKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar