BITARAPLYK – BAGT PAÝLAÝAR ILIME

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň Medeniýet öýünde «Bitaraplyk – bagt paýlaýar ilime» atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi.

Oňa il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän hünärmenler hem-de Halaç etrap bilim bölüminde zähmet çekýän mugallymlar gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda gazanylan ösüşlerdir özgerişler, 30 ýylyň dowamynda ýetilen belent sepgitlerdir üstünlikler dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Duşuşygyň dowamynda edilen täsirli gürrüňler, ýerine ýetirilen aýdymdyr-sazlar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Garaşsyzlygyň miwesi, Bitaraplygyň bagty bilen halkymyz ösüşlere beslenen abadan hem owadan ýurdumyzda, asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde, bolelin, parahat durmuşda ýaşaýarlar, zähmet çekýärler, okaýarlar, dynç alýarlar.

Aýdym-sazly maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip beren giň mümkinçilikleri üçin çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar