SPORT – KÄMILLIGE BADALGA

Ýakynda, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň 41-nji orta mekdebinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli etrabyň bilim işgärleriniň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen «Sport – kämillige badalga» ady bilen sportuň «kiçi futbol» görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.

Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryş ähli toparlar üçin hem diýseň gyzykly geçdi. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda netijeli oýun görkezen Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň 62-nji orta mekdebiň topary üstünlikli çykyş edip I orny eýelemegi başardylar. Şeýlelik-de, II orny Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň 23-nji orta mekdebiň mugallymlary, III orny bolsa Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň 41-nji orta mekdebiň mugallymlary eýelemegi başardylar. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Goý, türkmen sportuny halkara derejelere çykaryp, ýurdumyzyň türgenleriniň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertdir, mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ähmiýetli, ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin!

Döwletgeldi AGANYÝAZOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar