Şeýle şygar bilen şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Oňa dürli kärde zähmet çekýän ýaşlar, il ýaşululary we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýaşlaryň arasynda ruhy mirasymyzy wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu maslahatda birnäçe çykyşlar guralyp, ýerine ýetirilen çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk hakydasynda müdimilik orun alan milli mirasymyzyň egsilmez ruhy güýji, ýedi yklymda hoşniýetlilik we dostluk tuguny parladan ata-babalarymyzyň baý tejribesine daýanyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmegiň röwşen ýolunda beýik geljegimize gönükdirilen tutumly işler, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmakda edilýän uly tagallalar dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynda “Ylmy ösdürmek, milli mirasymyzy şöhratlandyrmak we wagyz etmek jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň, beýleki guramalaryň we ähli ideologiýa ulgamynyň işiniň möhüm ugruna öwrülmelidir” diýen ajaýyp sargytlaryndan ugur alyp, şeýle-de müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, kämillik derejesine ýetirilen baý medeniýetimize, şöhratly geçmişimize, tanymal şahsyýetlerimize aýratyn belent sarpa goýulýan häzirki döwrümizde ýaşlarymyzy şol ýörelgelere mynasyp nesiller bolup ýetişdirmek dogrusyndaky söhbetler bolsa, maslahatyň özenini düzdi.
Turuwbaşdan täsirli geçen maslahat oňa gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary galdyrdy.
Umyda Kakaýewa,
TMÝG-nyň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.