Şeýle at bilen geçirilen baýramçylyk çäresi Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlandy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilelikde guradylar. “Aşgabat” myhmanhanasynyň toý-dabaralar zalynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna Ýaşlar guramasynyň işeňňir agzalary, bagtyýar talyp ýaşlar, şeýle-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar köpçüligi gatnaşdylar.
Uly ruhubelentlige beslenen dabarada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguzlar” döredijilik toparynyň aýdymçy oglan-gyzlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda Watan, dostluk, söýgi, hormatly Prezidentimize bolan çäksiz alkyş ör boýuna galdy. Daşary ýurt dillerinde aýdylan aýdymlar bolsa dabara gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.