BILIM – BAGTLY GELJEGIŇ BINÝADY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şol işleriň çäklerinde şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde Bilimler we talyp ýaşlar gününi dabaraly ýagdaýda geçirmek maksady bilen dürli çäreler guralýar.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda guralan baýramçylyk duşuşygy hem Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, şeýle-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçen bu dabara “Bilim bagtly geljegiň binýadydyr” diýlip atlandyryldy. Oňa Ýaşlar guramasynyň işeňňir agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryndan wekiller, şeýle-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar köpçüligi gatnaşdylar.

Baýramçylyk duşuşygynda birnäçe çykyşlar guralyp, onda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň çäksiz uly tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň dünýäniň ylym-bilim merkezine öwrülýändigi, çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinden başga-da birnäçe bilim ojaklarynda bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, ony dünýä ülňülerine gabat getirmekde düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi dogrusynda gyzykly söhbetleri etdiler we bularyň ählisi üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.