BIRAÝLYGA BAGYŞLANDY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli ajaýyp işleriň bitirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen barha baýlaşýar. Mähriban Watanymyz Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetde, aýratyn hem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, beden taýdan berk, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň sentýabrynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlygyň geçirilmegi, şeýle-de her ýyl ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çäreleriň guralmagy ýol hereketiniň howpsuzlygyna, ynsan ömrüniň rahatlygyna bagyşlanýar.

Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy boýunça “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” ady bilen hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge bagyşlanan biraýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäreleri, sport ýaryşlary we “tegelek stolda” söhbetdeşlik ýazgylary yzygiderli guralýar.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynyň mejlisler jaýynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy hem “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän biraýlygyň çäklerinde guraldy. Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Arkadagyň ak ýollary asudalygyň kepilidir” ady bilen geçirilen bu çärä edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Onda birnäçe çykyşlar guralyp, ýerine ýetirilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň parahat ýaşaýşy üçin bitirilýän işler, şeýle-de asuda Watanymyzyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde her birimiziň öňünde durýan baş wezipeler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Milli Liderimiziň il bähbitli, döwlet ähmiýetli amala aşyrýan beýik işlerinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny, janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.