Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň uly mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Mejlisi, Jemgyýetçilik guramalary, Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Ylymlar akademiýasy bilelikde guradylar. Oňa paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän raýatlaryň köpsanlysy gatnaşdylar.
«Parahatlyk – ýürek baýdagy, Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ady bilen geçirilen maslahatda çykyşlaryň birnäçesi diňlenilip, olarda tamamlanyp barýan «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynyň uly döredijilik üstünliklerine, ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenendigi, gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň geljek ýyla hem täsirini ýetirjekdigi dogrusynda baý maglumatlar esasynda gürrüň etdiler. Şeýle-de çykyşlarda Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň döwletimiz üçinem, halkymyz üçinem nähili uly ähmiýetiniň bolandygyna ösüşli ýyllarda gazanylan üstünlikleriň aýdyň şaýatlyk edýändigini, Türkmenistanyň hakykatdan hem Bitaraplygyň Watanyna, Bitaraplygyň mekanyna öwrülendigini, dünýäde iki gezek ykrar edilen Bitarap döwletdigini uly buýsanç bilen aýtdylar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri, döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty dogrusyndaky çykyşlar bolsa has-da täsirli boldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi, ähli halkymyzy täze 2020-nji «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.