“Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylymyzyň toýlardan toýlara ulaşýan günlerinde Watan goragçylarynyň güni uly dabara, aýdym bilen saz bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bellenilip geçilýär. Watan goragçylarynyň güni ýatdan çykmajak toýly tomaşaly bagtyýar günlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz toýdur baýramlaryň şatlykly günleriň watanyna öwrüldi. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylymyzyň her bir güni şatlyga şowhuna beslenýär. Ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri welaýatlarymyzda we Aşgabat şäherimizde ýokary ruhubelentlikde geçirilýär. Şol çäreleriň biri ýanwar aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkez Geňeşi, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby instituty bilen bilelikde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Watan goragy – mukaddes borç” atly aýdym sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň asudalygyny gorap, halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek ugrynda alnyp barylýan tutumly işleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Uly şatlyga şowhuna beslenen bu çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, edermen Watan goragçylarymyzy, Mähriban Arkadagymyzy, ata-Watanymyzy wasp edýän Medeniýet işgärleriniň, harby bölüminiň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly, tans toparynyň baýramçylyk çykyşlary ýerine ýetirildi. Aýdym sazly baýramçylyk çäresiniň ahyrynda şu eşretli toý baýramly Diýary peşgeş beren Mähriban Prezidentimize jan saglyk alyp barýan ýurt bähbitli döwlet ähmiýetli işlerinde üstünlikler arzuwlap edermen watan goragçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýlarda gowşuryldy.
Bezirgen Ataýew,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri