Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenbaşy awtoulag kärhanasynyň sürüjileriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgeşmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda, iki palataly ulagamy ornaşdyrmak, watansöýüjilik, halallyk, sagdynlyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek we sagdyn ruhy ýaşlar ýetişdirmek maksady boýunça wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Onda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni G.Abdylweliýew, Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabynyň polisiýa bölüminiň ýerli wekil bölümçesiniň ýerli wekili, polisiýanyň kapitany Ş.Amangeldiýew dagy çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralaryň ulgamyna goşulmagy, Parlamentimiziň iki palataly ulgama geçirilmegi babatda döwlet Baştutanymyzyň öňe süren teklipleri halkymyzyň hal ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaklyga, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine gönükdirilendigini bellediler.