Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşiniň guramagynda etrap hassahanasynyň lukmanlarynyň gatnaşmagynda «Saglygyň gadyryny bilgil hassa bolmazdan burun» ady bilen geçirilen maslahat geçirildi. Onda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri lukmanlara raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ýaýbaňlandyrmak, olara ýaramaz endikleriň zyýany hakynda düşündiriş işlerini geçirmeklik, şeýle-de halkyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary bejermek boýunça amala aşyrylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler.