Şeýle at bilen ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň Guwanç Atamedow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak ugrunda alyp barýan işleri, şeýle-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda belläp geçdiler.