IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ — 2020

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2020» at­ly şa­dy­ýan bäs­le­şi­giň «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­myz­da­ky döwlet tapgyrynyň jemi jemlenildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim ber­ýän mek­dep­le­ri­niň 2 — 4-nji synp­la­rynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän bu bäsleşige welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynyň ýeňiji körpeleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda zehinli gyzjagazlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan tutumly işleri, eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Milli egin-eşiklerimizi şahyrana sözler bilen taryp etdiler. Şeýle hem olar emin agzalary tarapyndan ýaş aýratynlyklaryna görä taýýarlanan goşgulary çeper okamakda bäsleşdiler.

Netijede, Baş baýraga Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Aýgül Allanazarowa, 1-nji orna Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky ýö­ri­te­leş­di­ri­len 1-nji or­ta mek­de­bi­ň 4-nji synp okuwçysy Selbi Babalyýewa, 2-nji orna Mary we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry şä­he­rin­dä­ki 24-nji ze­hin­li ýaşlar mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Näzli Germanowa, 3-nji orna bolsa Mary welaýatynyň Tag­ta­ba­zar et­ra­by­ndaky 20-nji or­ta mekde­biň 4-nji synp okuw­çy­sy Ogul­jen­net Aga­ýusupowa dagy mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda Diplomlar we sowgatlar gowşuryldy.

Gurbannazar ÖWEZOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

26.03.2020ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.